Jo Baýden we Emmanuel Makron Ukraina krizisi barada pikir alyşdylar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ukraina krizisiniň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdylar

1776305
Jo Baýden we Emmanuel Makron Ukraina krizisi barada pikir alyşdylar

Ak Tamdan berilen beýanata görä, Baýden bilen Makron telefon arkaly söhbetdeş bolup, Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýynda ýygnaýan harby güýçlere garşy NATO hyzmatdaşlarynyň arasynda ýakyn koordinasiýanyň bardygyny aýdan iki lider Makronyň Russiýa we Ukraina guran soňky sapar barada hem pikir alyşdylar. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Moskwa guran saparynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Prezdenti Wladimir Putin bilen, Kiýewe guran saparynyň çäginde bolsa Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Ukraina serhedindäki krizisi ara alyp maslahatlaşypdy. 



Degişli Habarlar