Owganystanda magdan käniniň çökmegi netijesinde 10 adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda ýerleşýän magdan käniniň çökmegi netijesinde 10 işgär ýogaldy

1772981
Owganystanda magdan käniniň çökmegi netijesinde 10 adam ýogaldy

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Baglan welaýatynyň Medeniýet müdüri Mustafa Haşimi metbugata beren beýanatynda, Baglan welaýatynyň Nahrin etrabyndaky Çinarek magdan käniniň çökendigini habar berdi. 

Nahrin etrabynyň Kömür magdan edarasynyň müdüri Mewlewi Abdullah Hamyd magdan käniniň çökmegi netijesinde 10 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň bolsa halas edilip ýetişilendigini mälim etdi. 

Hamyd magdanyň partlamagy netijesinde çökendigini aýan etdi. 

Geçen ýyl hem şol etrapdaky beýleki magdan käniniň çökmegi netijesinde 5 adam ýogalypdy. 

Owganystanda ýeterlik derejede öňüni alyş çäreleriň görülmeýän magdan känlerinde bolýan şuňa meňzeş hadysalarda köp sanda adam ýogalýar. 



Degişli Habarlar