Indoneziýada şüweleň merkezi ýakyldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy

1768142
Indoneziýada şüweleň merkezi ýakyldy

Indoneziýanyň Günbatar Papua ştatynda ýaragly toparlaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda şüweleň merkezleriniň biriniň ýakylmagy netijesinde 19 adam ýogaldy. 

Ştatyň polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Komissar Adam Erwindi, wakada şeýle hem şüweleň merkeziniň öňündäki ulaglaryň hem ýakylandygyny habar berdi. 

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Resmiler ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýärler. 



Degişli Habarlar