“Russiýa Hüjüm Ediji Syýasatyny Dowam Etdiren Halatynda Netijeleri Agyr Bolar”

Stoltenberg, ABŞ-nyň Prezidenti we Ýewropa liderler bilen Russiýa-Ukraina dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.

1767966
“Russiýa Hüjüm Ediji Syýasatyny Dowam Etdiren Halatynda Netijeleri Agyr Bolar”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ABŞ-nyň Prezidenti we Ýewropa liderler wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen duşuşykda Russiýa-Ukraina dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan hüjüm ediji syýasatynyň agyr netijeleriniň bolup biljekdigi nygtaldy we diplomatik tagallalaryň dowam etdirilmegine üns çekildi.

Duşuşykdan soň beýannama beren Stoltenberg, “Duşuşyk netijeli geçdi. Russiýa hüjüm ediji syýasatyny dowam etdiren halatynda netijeleri agyr bolar” diýdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada bolsa, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmelidigi nygtaldy.



Degişli Habarlar