Türkiýe Bilen Eýran Özara Gatnaşyklaryny Pugtalandyrar

Erdogan bilen Reisi, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşdy

1740295
Türkiýe Bilen Eýran Özara Gatnaşyklaryny Pugtalandyrar

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Prezident R. T. Erdogan bilen eýranly kärdeşi Ibrahim Reisiniň arasynda bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Abdullahiýan, Twitterden beren habarnamasynda, Reisi bilen Prezident Erdoganyň, Türkmenistanda geçirlen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji liderler maslahatynyň çäginde geçiren duşuşygy hakynda durup geçdi.

Iki ýurduň prezidentiniň arasyndaky duşuşygyň içgin ýagdaýda geçendigini nygtan Abdullahiýan, “Özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi hakynda karar kabul edildi. Iki lider, Jenap Erdoganyň Tährana gurajak saparynyň çäginde Türkiýe-Eýran ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy” diýdi.



Degişli Habarlar