Ukrainanyň Goranmak Ministri Wezipesinden Çekildi

Ukrainada başga ministrler hem wezipeden çekilýärler

1728662
Ukrainanyň Goranmak Ministri Wezipesinden Çekildi

Ukrainanyň Goranmak ministri Andriý Taran wezipeden çekilýändigi hakyndaky arzasyny Ukrainanyň Parlamentine berdi

Ministrler kabinetiniň Wekili Taras Melniçuk Telegramdan beren habarnamasynda Taranyň arzasyny Parlamente berendigini mälim etdi.

Melniçuk Taranyň wezipeden çekilmek hakyndaky karary barasynda başga maglumat bermedi.

Halkyň hyzmatkäri partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň Goranmak ministrligine Oleksiý Reznikowyň dalaşgärligini goldaýandygy habar berilipdi.

Reznikow düýn Basylyp alynan territoriýalaryň gaýtadan integrirlenmegi ministrliginden çekilipdi.

Strategik industriýalar ministri Oleg Uruskiý düýn, Ykdysadyýet ministri Oleksiý Lubçenko bolsa şu gün arzasyny beripdi.



Degişli Habarlar