" Ilkinji Nobatda Garaşsyz Palestina Döwleti Gurulmaly"

Saud Arabystany Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Gatnaşyklar Palestina Döwletiniň Gurulmagyndan Soň Kadalaşar

1727752
" Ilkinji Nobatda Garaşsyz Palestina Döwleti Gurulmaly"

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Ferhan, ýurdunyň Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin ilkinji nobatda 1967-nji ýylda kesgitlenen serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmalydygyny nygtady.

Bin Ferhan, merkezi Saud Arabistanynda ýerleşýän Al Arabiýa kanalyna beren beýannamasynda, Saud Arabystanynyň Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklarynyň kadalaşmagyndan öň 1967-nji ýyldaky serhetlerine laýyklykda Palestina döwletiniň gurulmagy hakyndaky şertleriniň ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri paýtagty Gündogar İýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagyndan soň sebitde parahatçylygyň ýola goýlup bilinjekdigini belledi.

Bin Ferhan, Palestina-Ysraýyl meselesi çözülmezden sebitde durnuklylygyň ýola goýlup bilinmejekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar