Stoltenberg ABŞ-nyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenber Waşingtona guraýan saparynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Austin bilen duşuşdy.

1714856
Stoltenberg ABŞ-nyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

Duşuşykdan ozal gysgaça beýannama beren Austin; “NATO-nyň güýji diňe bir harby güýçden gelip çykmaýar, bilelişiginden we umumy maksat duýgusyndan gelip çykýar” diýdi.

Stoltenbergiň tagallasyna kanagatlanma bildiren Austin geçen Owganystandan çekiliş we Owganystanyň paýtagty Kabuldan ewakuasiýa mahalynda hyzmatdaşlyga liderlik etmeginde goldaw berendigini üçin Stoltenberge sagbolsun aýtdy.

NATO-nyň baş Sekretary bolsa beren beýanatynda; “NATO hemişekisinden has möhüm. Sebäbi dünýä indi has bäsleşikçi. Agressiw aksiýalary bilen Russiýa öňe saýlanýar. Ykdysady we harby güýjünden peýdalanýan Hytaý bar. Aýratynam kiber wehimler, durnukly terror howplary we beýleki ençeme wehim öňümizde” diýdi.

Şol kynçylyklar bilen ýekelikde göreşjek materigiň, ýurduň ýokdugyny beýan eden Stoltenberg; “Demirgazyk Amerika we Ýewropa NATO-da bilelikde işleşmeli hem-de Alýans özgeren howpsulyk şertlerine uýgunlaşmaly” diýdi.

Austin we Stoltenberg Owganystanda yza çekilme tapgyry, ABŞ-nyň we Britaniýanyň deňizasty gämi öndürmek bilen birlikde Awstraliýa bilen üçtaraplaýyn ýaranlyk etmeginden soň Fransiýa bilen adybir ýurtlaryň arasyndaky diplomatik dartgynlyk hem-de Fransiýanyň Afrikada harby güýçlerini azaltmak hakyndaky beýanaty ýaly ençeme meselede pikir alyşandyklary habar berilýär.



Degişli Habarlar