BSGG 2,4 Milliard Doza Sanjymyň Gerekdigini Beýan Etdi

Guramanyň Baş Direktory Gebreýesus howply topara girýän adamlar üçin 2,4 milliard doza sanjymyň gerekdigini aýtdy

1712241
BSGG 2,4 Milliard Doza Sanjymyň Gerekdigini Beýan Etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirus pandemiýasynda dünýä boýunça ýokary howply toparyna degişli bolanlar üçin 2,4 milliard doza sanjymyň gerekdigini beýan etdi.

Gebreýesus Bütindünýä Söwda guramasynyň 2021-nji ýyldaky Umumy forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada söz sözlän Gebreýesus, häzirki wagtda dünýä boýunça saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri, garrylar, hroniki keselliler we beýleki goragsyz toparlar ýaly iň ýokary howply topara girýän admalar üçin 2,4 milliard dozalyk Kowid-19 sanjymynyň gerekdigini nygtap: “Samjymlar bar, emma esasy sanjym etdirmeli adamlar üçin sanjym elýeterli däl” diýdi.

Gegreýesus Bütindünýä Saglyk Assambleýasynyň şu ýylky maslahatynda halkara halk saglygy adatdan daşary şertler boýunça “syýahat çäklendirmesiniň bes edilmegi” üçin çagyryş edilendigini ýatladyp, esasanda sanjym önümçiligindäki bökdençlikleriň aýrylmagy üçin çäklendirmeleriň bes edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar