Russiýadaky saýlawlar şu gün tamamlanýar

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli 3 günüň dowamynda geçirilýän Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary şu gün tamamlanýar

1707785
Russiýadaky saýlawlar şu gün tamamlanýar

Hem saýlaw okruglarynda hem-de elektron görnüşde geçirilen saýlawa gatnaşyk örän pes derejede. 

Russiýada anna güni başlan we şu gün agşam tamamlanjak Döwlet Duma saýlawynda halk ses berýär. 

Hasaba alynan 110 million saýlawçy bolan Russiýada saýlawyň ilkinji 2 günündäki gatnaşyk 35 göterimde galdy. 

Koronawirus sebäpli karantinde bolan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ençeme syýasy saýlawda elektron görnüşde ses berdiler. 

Saýlawada 14 syýasy partiýa 5 göterimlik çägi geçmek üçin özara bäsleşýärler. 

Saýlawda şeýle hem käbir federatiw sebitlerde hem ýolbaşçylaryň we parlamentleriň saýlawlary geçirilýär. Aralarynda Çeçenistan, Dagystan, Mordowiýa we Tuwa Respublikalary bolan jemi 9 Federal sebitde häkimleriň we gubernatorlaryň saýlawlary, 39 sebitde parlament saýlawlary, 19 sebitde goşmaça saýlawlar, 11 sebitiň dolanşyk merkeziniň parlament saýlawlary we 5 şäherde ýerli saýlawlar geçirilýär. 

Saýlawyň netijesinde hökümetiň başyndaky Birleşen Russiýanyň partiýasy Döwlet Dumada köplüge eýe bolmagyna garaşylýar. 


Etiketkalar: #Duma , #saýlaw , #Russiýa

Degişli Habarlar