ABŞ-nyň Goranmak ministri Pars aýlagy ýurtlaryň liderleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Kuweýdiň, Bahreýniň, Kataryň we BAE-niň resmileri bilen ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek tapgyryny ara alyp maslahatlaşdy

1700589
ABŞ-nyň Goranmak ministri Pars aýlagy ýurtlaryň liderleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) düzümi dolulygyna meňzeş bolan 4 aýry beýanat berip, Lloýd Ostiniň Kuweýdiň Goranmak ministri Şeýh Hamad Jabir Al-Ali Al-Sabah, Bahreýniň Mirasdar Şazadasy Salman bin Hamad Al Halife, Kataryň Emiri Tamim Bin Hamad Al Sani we BAE-niň Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim etdi. 

Lloýd Ostiniň telefon söhbetdeşliginiň barşynda Pars aýlagy ýurtlaryň liderleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ugurlary bilen birlikde Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar