Eýranyň we Saud Arabystanynyň Wekilleri Bagdatda Üç Gezek Duşuşdylar

Eýranyň Bagdatdaky Ilçisi İrj Mesjidi ýurdunyň we Saud Arabystanynyň wekilleriniň arasynda Bagdatda 3 gezek duşuşyk geçirilendigini beýan etdi

1699797
Eýranyň we Saud Arabystanynyň Wekilleri Bagdatda Üç Gezek Duşuşdylar

Mesjidi Bagdatda geçirilen “Rafideýn” forumynda sözlän sözünde Eýranyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen dialogy goldaýandygyny beýan edip; “Eýran sebitdäki ähli ýurtlar bilen parahatçylykly gatnaşyklary goldaýar we Saud Arabystany bilen ikitaraply sarpa goýmagyň esasynda dialogyň tarapynda durýar” diýdi.

Ýurdunyň we Saud Arabystanynyň wekilleriniň arasynda Bagdatda 3 gezek duşuşyk geçirilendigini beýan eden Mesjidi: “Nobatdaky duşuşyk Eýrandaky hökümetiň gurulmagyndan soň geçiriler” diýdi.

Hiç kimiň Eýrandan gorkmaly däldigini aýdan Mesjidi, Eýranyň terrorizme garşy göreş zolagynyň birinji halkasynda durýandygyny aýtdy.

Mesjidi Yrakda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde we elektrik üpjünçiliginde goldaw berýändiklerini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar