Ukraina Owganystandan 360 adamy ewakuasiýa etdi

Ýenin 80-i Ukrain raýaty bolan takmynan 360 adamy Owganystanda ewakuasiýa edendiklerini aýan etdi

1699110
Ukraina Owganystandan 360 adamy ewakuasiýa etdi

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewgeniý Ýenin, takmynan 360 adamy Owganystandan ewakuasiýa edendiklerini habar berdi. 

Ukrainanyň hökümetinden berilen beýanata görä, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewgeniý Ýenin 3 ewakuasiýa uçarynyň Owganystandan Ukraina gelendigini mälim etdi. 

Ýenin 80-i Ukrain raýaty bolan takmynan 360 adamy Owganystandan ewakuasiýa edendiklerini aýan etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andriý Ýerman hem Twitterden beren beýanatynda, jemi 600-den gowrak adamy Owganystandan göçürendiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar