Russiýa Owganystanda Milli Dialogyn Ýola Goýulmagyny Isleýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Owganystanda wekilçilikli hökümetiň gurulmagyna goldaw berjek milli dialogyň ýola goýulmalydygyny aýtdy.

1694052
Russiýa Owganystanda Milli Dialogyn Ýola Goýulmagyny Isleýär

Lawrow bilen Liwiýanyň Mili bileleşik hökümetiniň Daşary işler ministri Nejla al-Menguş bien paýtagt Moskwadaky duşuşygynda soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Owganystandaky şertler hakynda durup geçen Lawrow; “Taliban Owganystanyň ähli territoriýasyny häzirlikçe gözegçilik etmeýär” diýdi.

Pençşir jülgesindäki söweşiji güýçleriň Talibana garşy herekete geçendine ünsi çeken Lawrow, bar bolan şertlerde Russiýanyň has durnukly ädimler ädýändigini nygtady.

Lawrow: “Owganlaryň arasynda wekilçilikli hökümetiň gurulmagyna goldaw berjek dialogyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Bar bolan şertlerde Owganystanda milli dialoga ähli goldawyn berilmegi üçin daşarky şertleriň döredilmegi üçin durnukly pozisiýamyzyň ýerliklidigini tassyklaýar” diýdi.

Owganystandaky şertleriň sebitleýin häsýete eýe bolandygyny beýan eden Lawrow; “Hem goňşy ýurtlar hem-de Owganystandan alysda bolan ýurtlar reaksiýa bildirýär. Bu şertlerde biz Owganystan meselesi boýunça Moskwa formatyny herekete geçirmäge taýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar