Taliban Owganystanyň Özbegistan we Täjigistan Serhedini Gözegçilik Asrtyna Aldy

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Talibanyň Özbegistan we Täjigistan bilen serhedini gözegçilik astyna alandygyny aýtdy

1689263
Taliban Owganystanyň Özbegistan we Täjigistan Serhedini Gözegçilik Asrtyna Aldy

Şoýgu Solneçnogorsk şäherinde geçirilen forumda Owganystandaky ýagdaý hakynda beýannama berdi.

Talibanyň Owganystanda öňe barýandygyny aýdan Şoýgu: “Owganystanyň Özbegistan we Täjigistan serhedi Talibanyň eline geçdi. Taliban Gunduz welaýatyny aldy. Gunduz iňňän uly we esasy merkez” diýdi.

Owganystandan neşe gaçakçylarynyň we terrorçylaryň Täjigistana, Gyrgyzystana we Özbegistana, ol ýerden hem Russiýa geçme howpunyň bardygyna ünsi çeken Şoýgu, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna girýän ýurtlaryň oňa garşy taýarlykly bolmalydygyny nygtady.

Şoýgu: “Talibanyň ýolbaşçylary serhetden geçip, hüjüm etmek barasynda haýsydyr bir beýanat bermedik hem bolsa, Täjigistanyň we Özbegistanyň harby güýçleriniň ýüze çykmagy ähtimal ýaramaz şertlere taýarlykly bolmagy iňňän möhüm. Elbetde biz hem elimizden geleni edýäris” diýdi.

Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esgerleriniň Owganystan serhediniň golaýynda bilelikde türgenleşik geçirendigine ünsi çeken Şoýgu, şeýle türgenleşikleriň yzgiderli geçiriljekdigini aýtdy.

Şoýgu Russiýanyň Täjigistanda we Gyrgyzystanda harby bazalarynyň bardygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar