Owganystanyň Hökümet Güýçleri Ýene-de 6 Welaýatda Gözegçiligi Talibana Aldyrdy

Owganystanyň hökümetine degişli güýçler soňky 4 günde ýene-de 6 welaýat merkezini Talibana aldyrdy

1688183
Owganystanyň Hökümet Güýçleri Ýene-de 6 Welaýatda Gözegçiligi Talibana Aldyrdy

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky NATO degişli güýçlerniň yzal çekilmek hakyndaky karary we owgan hökümetiniň Taliban bilen geçirýän ýaraşyk gepleşikleriniň netijesiz gutarmagyndan soň Talibanyň maý aýynda başladak hüjümleriniň depgini güýçlendi.

Taliban soňky 4 günde ýurduň günorta günbatarynda bir, demiragazykda we demirgazyk gündogarda 5, jemi 6 welaýat merkezini owgan güýçlerinden aldy.

Owgan hökümeti 34 welaýat merkezinden 28 sanysynyň gözegçiligini henizem elden gidermedi.

Talibanyň gözegçiligine geçen ýerlerdäki ilkinji işlerinden biri tussaghanalardaky tussaglary boşatmak bolýar.

İlki bilen Eýran serhedindäki Nimruz welaýatynyň merkezi Zaranjy ala Taliban, soň bolsa demirgazykdaky Jöwizjan welaýatynyň merkezi Şybyrgany, Sary Pul, Gunduz bilen demirgazyk gündogardaky Tahar welaýatynyň merkezi Talukany we şu gün bolsa Samangan welaýatynyň merkezi Aýbaky gözegçilik astyna aldy.

Aýbagyň alynmagyndan soň paýtagty Kabulyň demirgazykdaky şäherler bilen gara ýoly gatnawy kesildi.



Degişli Habarlar