Kabulda ýurdyň Goranmak ministriniň öýüniň öňünde guralan hüjümde 8 adam ýogaldy

Bombaly hüjümden soň şäheriň ençeme ýaşaýjysy terrorçylykly hüjümi protest etdi

1685378
Kabulda ýurdyň Goranmak ministriniň öýüniň öňünde guralan hüjümde 8 adam ýogaldy

Owganystanyň Goranmak ministri Bismillah Muhammediň Kabulyň Şir Pur diýilen ýerinde ýerleşýän öýüniň öňünde düýn agşam guralan bombaly we ýaragly hüjümde 8 adamyň ýogalandygy, 20  adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mirweýis Stanikzeý metbugata beren beýanatynda, hüjümçileriň biriniň bomba ýüklenen ulagy Owganystanyň Goranmak ministri Bismillah Muhammediň öýüniň öňünde partlatmagyndan soň, beýleki 4 hüjümçiniň başga bir öýe girip çem gelen ýere od açmaga başlandygyny mälim etdi. 

Hüjümçileriň gije täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Stanikzeý, hüjümde ministr Muhammede we onuň maşgalasyna zyýan ýetmändigini habar berdi. 

Stanikzeý hüjümde 8 adamyň ýogalandygyny, 20 adamyň hem ýaralanandygyny, sebitde ýaşaýan onlarça adamyň howpsuz ýere göçürilendigini aýan etdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 10 adamdan hem köpdügini öňe sürdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Resmiler hüjümiň guralan mahaly Muhammediň öýünde başga welaýatlardan gelen käbir ýokary derejeli ýolbaşçylaryň hem bolandygyny aýan etdiler. 

Bobmanyň täsiri bilen ministriň öýüniň golaýyndaky ençeme öýe we iş ýerlerine zyýan ýetdi. 

Bombaly hüjümden soň şäheriň ençeme ýaşaýjysy terrorçylykly hüjümi protest etdi. 

Kabul şäheriniň iň gowy etrapçalarynyň biri hasaplanýan Şir Purda ministrleriň we deputatlaryň öýleri ýerleşýär. 



Degişli Habarlar