Saud Arabystanynda Umra möwsümi başlady

Saud Arabystany Haj parzalarynyň berjaý edilmeginden soň şu günden başlap Umra möwsüminiň başlandygyny habar berdi

1679718
Saud Arabystanynda Umra möwsümi başlady

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Metjit Al-Haram işleriniň başlygynyň orunbasary Saad bin Muhammed al-Muhaýmid, düzüminde Käbe hem bolan Metjit Al-Haramyň koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülen öňüni alyş çäreleriň berjaý edilmegi şerti bilen umra gelýänleri we ybadat maksatly geljek myhmanlary garşylamaga taýardyklaryny habar berdi. 

Saad bin Muhammed al-Muhaýmid, şu günden başlap umra geljek adamlaryň  "Eatmarna" gollanmasynyň üsti bilen ýüz tutup biljekdiklerini mälim etdi. 

Saud Arabystanynda Haj parzlarynyň berjaý edilmek möwsümi anna güni tamamlanypdy. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli geçen ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Haj ybadaty, diňe Saud Arabystanynda ýaşaýanlar bilen çäklendirilipdi, daşary ýurtlardan myhman kabul edilmändi. 



Degişli Habarlar