Pakistan Ysraýyl bilen gepleşikleriň geçirilendigi bilen bagly öňe sürmeleri ret etdi

Çaudhri, berilen habarlary esassyz we ýalňyş hökmünde häsýetlendirdi

1666570
Pakistan Ysraýyl bilen gepleşikleriň geçirilendigi bilen bagly öňe sürmeleri ret etdi

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Zahid Hafeez Çaudhri, Premýer ministr Imran Hanyň ozalky maslahatçysy Seýid Zülfikar Buhariniň Ysraýyla sapar gurandygy barada käbir metbugat organlarynda aýdylýan öňe sürmeleri ret etdi. 

Çaudhri, berilen habarlary esassyz we ýalňyş hökmünde häsýetlendirdi. 

Çaudhri, Premýer ministr Imran Hanyň ozalky maslahatçysy Seýid Zülfikar Buhariniň  Ysraýyla sapar gurandygy barada käbir metbugat organlarynda aýdylýan öňe sürmeleri ret edip, Ysraýyla olar ýaly saparyň guralmandygyny mälim etdi. 

Pakistanyň mesele bilen bagly prinsipial pozisiýasynda hiç hili üýtgeşikligiň bolmandygyna ünsleri çeken Çaudhri, Yslamabadyň hemişe 1967-nji ýyldan ozalky serhetlerde paýtagty Iýerusalim bolan Palestina döwletine iki döwletli çözgüt ugrunda goldaw berendigini ýatlatdy. 


Etiketkalar: #sapar , #Ysraýyl , #Pakistan

Degişli Habarlar