Siriýanyň Bab etrabynda bombaly hüjüm guraldy
Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etraby Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen DAIŞ-e agza terrorçylardan saplanypdy
Siriýanyň demirgazygynda oppozisinerleriň gözegçiligi astynda bolan Bab etrabynda, ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam bolsa ýaralandy.
Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynyň merkezinde ulaga ýerleşdirilen bomba partladyldy.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.
Hüjüm bilen baglanşykly derňew işini başladan howpsuzlyk güçleri, terrorçylykly hüjümi ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýärler.
Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etraby Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen DAIŞ-e agza terrorçylardan saplanypdy.
Degişli Habarlar
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.