Owganystanyň Prezidenti ABŞ-na sapar gurar
Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen Milli Ylalaşyk boýunça ýokary geňeşiň başlygy Abdullah Abdullal 25-nji iýunda ABŞ-na sapar gurar
1661872
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki tarapyndan berilen beýanatda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen Milli Ylalaşyk boýunça ýokary geňeşiň başlygy Abdullah Abdullahy Ak Tamda kabul etjekdigi, bu saparda iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet beriljekdigi mälim edildi.
Beýanatda ABŞ-nyň esgerlerini Owganystandan çeken mahaly ýurtdaky zenanlar, gyz çagalar we azlyklar bilen birlikde owgan halkyna syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleler babatynda goldaw bermek barada borçnama bildirendigi bellenip, ýurdyň mundan beýläk terrorçy toparlaryň howpsuz gaçybatalgasy ýagdaýyna gelmezligi üçin Owganystanyň hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk içinde boljakdygy barada maglumat berildi.