Ermenistanda Geçirlen Saýlawda Paşinýanyň Partiýasy Üstünlik Gazandy
Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa sesleriň 53,92 göterimini aldy
Ermenistanda geçirlen irki parlament saýlawynyň resmi bolmadyk ilkinji netijelerine görä, Nikol Paşinýanyň partiýasy üstünlik gazandy.
Ermenistanyň Merkezi saýlaw komiteti, saýlawyň ilkinji resmi bolmadyk netijelerini mälim etdi.
Wezipesinden çekilenden soň saýlawlara çenli wagtlaýyn Premýer-ministr wezipesini ýerine ýetren Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa sesleriň 53,92 göterimini aldy.
Ýurduň ozalky Prezideti Robert Koçarýanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa sesleriň 21,1 göterimini aldy.
Sesleriň 5,23 göterimini alan ýurduň ozalky prezidenti we premýer-ministri Serž Sarkisýanyň partiýasy hem saýlaw çäklendirmesini geçip Mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazanan üçünji partiýa boldy.
Robert Koçarýanyň partiýasy häzirlikçe saýlawyň netijelerini ykrar etmejekdiklerini mälim etdi.
Saýlawyň ilkinji netijeleri Nikol Parşinýanyň ýeke-özüniň täze hökümeti gurup bilmejekdigini görkezýär.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.