Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ýene-de bir palestinaly çagany öldürdiler
Şoňa nägilelik bildirmek maksady bilen palestinalylar wagtal-wagtal demonstrasiýa geçirýän bolsa, Ysraýylyň goşuny palestinalylara garşy hakyky oklar ulanýar
Ysraýylyň howpsuzyk güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde bikanun ýagdaýda gurulýan jöhit ýaşaýyş ýerlerine garşy geçirilen protestde bir palestinaly çagany kellesine od açyp öldürdiler.
Ýerli çeşmeler palestinalylaryň Nablus şäheriniň günortasyndaky Beýta etrapçasynda bikanun jöhit ýaşaýyş ýeriniň gurulmagyna nägilelik bildirmek maksady bilen demonstrasiýa geçirendigini habar berdiler.
Demonstrasiýada 16 ýaşyndaky Ahmed Beni Şemse, ysraýylly esgerler tarapyndan açylan oduň netijesinde kellesinden ýaralandy. Ahmed, alynyp gidilen hassahanasynda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi.
Jöhit ýaşaýjylar Beýta etrapçasynyň golaýyndaky Subeýh depesine bikanun ýagdaýda ýaşaýyş ýerlerini gurupdylar.
Şoňa nägilelik bildirmek maksady bilen palestinalylar wagtal-wagtal demonstrasiýa geçirýän bolsa, Ysraýylyň goşuny palestinalylara garşy hakyky oklar ulanýar.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.