Taryhy Duşuşyk Başlady

Iki lideriň duşuşygynyň 4 sagat dowam etjekdigi nygtaldy.

1659269
Taryhy Duşuşyk Başlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyk Şweýsarianyň Ženewa şäherinde başlady.

Duşuşyk, 1985-nji ýyldan soň şäherde ABŞ bilen Russiýanyň arasynda geçiriljek ikinji duşuşyk bolar.

Ženewa,1985-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýgan bilen SSSR-iň ozalky lideri Mihail Gorbaçowyň arasynda geçirlen taryhy duşuşykdan 36 ýyl soň ABŞ-Russiýa duşuşygyna ýer eýeçiligini edýär.

Iki lideriň duşuşygynyň 4 sagat dowam etjekdigi nygtaldy.

Duşuşykdan soň Putiniň Türkiýe wagty bilen 18.30-da, Baýdeniň bolsa Türkiýe wagty bilen 20.00. da metbugata beýannama bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar