Gazada şehit bolan palestinalylaryň sany artdy

Soňky berilen maglumata görä Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 66-sy çaga, 39-y zenan bolmak bilen jemi 254 palestinalynyň ýogalandygy habar berildi

1645621
Gazada şehit bolan palestinalylaryň sany artdy

Ysraýylyň 10-njy maýda gabaw astyndaky Gaza başladan we jemi 11 gün dowam eden hüjümlerinde ýaralanan ýene-de bir palestinalynyň ýogalmagy bilen jemi şehit bolan palestinalylaryň sany 254-e ýetdi. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralanan ýene-de 1 palestinalynyň şehit bolandygy mälim edildi. 

Soňky berilen maglumata görä Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 66-sy çaga, 39-y zenan bolmak bilen jemi 254 palestinalynyň ýogalandygy habar berildi. 

Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza 10-njy maýda başladan hüjümlerini Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 21-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 02:00-da bes edipdi. 

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #şehit , #palestinaly , #Gaza

Degişli Habarlar