Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde şehit bolýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde şehit bolan palestinalylaryň sany 213 adama ýetdi

1641663
Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde şehit bolýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäden bildirilýän reaksiýalara garamazdan Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza hüjüm guramaga dowam edýär. 

Palestinanyň Gaza şäherindäki saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 61-si çaga, 36-sy zenan bolmak bilen jemi 213 adam şehit boldy, 1 müň 442 adam bolsa ýaralandy. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň tapawutly ýerlerinde, hüjüm astyndaky Gaza goldaw bermek maksady bilen demonstrasiýa geçiren palestinalylara garşy hakyky we plastik oklary ulanmagy sebäpli 13 palestinaly ýaralandy.

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, onlarça palestinalynyň bolsa ysraýylly esgerler tarapyndan zyňylan gözüňi ýaşardýan gazdan zäherlenendigi mälim edildi.

Ysraýylyň polisiýa gullugy basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Köne şäher zolagynyň Damask gapysynyň öňünde ýygnanmak islän palestinalylara garşy hem plastik oklar we ses bombalary bilen hüjüm etdi,palestinalylara garşy ýokary basynçly suw ulanyldy.

Bir adamy plastik ok bilen ýaralan Ysraýylyň polisiýa işgärleri 3 adamy bolsa göz tussaglygyna aldy.

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň 10-njy maýdan bäri Günbatar Şeriada geçirilýän Gaza bilen bagly demonstrasiýalarda aşa güýç ulanmagy netijesinde 23 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleri Günbatar Şerianyň Al Halil şäherinde bolsa pyçakly hüjüm gurajak bolandygyny öňe sürüp 1 palestinaly öldürdiler. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Gazada we Gündogar Iýerusalimde guraýan hüjümleri sebäpli basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we ýaşaýjylarynyň aglabasy araplar bolan etraplarda umumy iş taşlaýyşlar yglan edildi.

Palestinaly syýasy toparlaryň we kärdeşler arkalaşygynyň çagyryşy bilen şu gün irdenden başlap potratçylar hem dükanlaryny ýapdylar. 

Umumy iş taşlaýyşa hususy kärhanalar, uniwersitetler we banklar hem gatnaşýar. 


Etiketkalar: #Gaza , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar