BMG Ýekşenbe Güni Ysraýyl-Palestina Meselesi Boýunça Maslahat Geçirer

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ýekşenbe hüni Ysraýyl-Palesitna meselesini ara alyp maslahatlaşar

1639275
BMG Ýekşenbe Güni Ysraýyl-Palestina Meselesi Boýunça Maslahat Geçirer

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda günsaýyn möwjeýän dartgynlyk we Gaza guralýan howa hüjümlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýekşenbe güni jemlenşmek boýunça karar kabul etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň anna güni maslahat geçirmegine ABŞ-nyň garşy durmagyndan soň, geňeş Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dartgynlygyň we dowam edýän çaknyşygyň ýekşenbe günki mejlisde ara alyp maslahatlaşylmagy boýunça ylalaşdy.

ABŞ, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň maý aýyndaky döwürleýin ýolbaşçysy Hytaý bilen Geňeşiň wagtlaýyn agzalaryndan Norwegiýa bilen Tunisiň anna güni maslahat geçirmek hakyndaky talabyna “dartgynlygy azaltma tagallasyna goşant goşmajakdygy” sebäpli garşy durupdy.

Howpsuzlyk geňeşi şu hepde 2-nji gezek nobatdan daşary maslahat geçirdi, emma ABŞ-nyň garşy durmagy sebäpli hiç hili çäre görüp bilmedi.

Geňeş ýekşenbe güni 3-nji mejlisini geçirer.

BMG-niň baş Sekretary Antuniu Guterriş Twitter hasabyndan Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda artýan dartgynlyk we çaknyşyklar sebäpli asuda ilatdan köp sanly adamyň ýogalandygyny nygtap; “Oraza barýamynyň hatyrasyna” dartgynlygyň we çaknyşyklaryň dessine bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Guterriş; “Köp sanly bigünä adam öldi. Bu çaknyşyk diňe sebitdäki radikalizmi we aşalygy güýçlendirer” diýdi.

 



Degişli Habarlar