Günbatar Ýurtlary Bilen ÝB-niň Sanksiýalary Jogapsyz Galmaz

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbatar ýurtlary bilen ÝB-nin ýurduna goýan sanksiýalarynyň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy

1635407
Günbatar Ýurtlary Bilen ÝB-niň Sanksiýalary Jogapsyz Galmaz

Ermenistanyň paýtagty Ýerewana resmi sapar bilen baran Lawrow, ermeni kärdeşi Ara Aýwazýan bilen duşuşandan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýannama berdi.

Lawrow, ÝB bilen günbatar ýurtlarynyň Russiýa garşy sanksiýa goýmaga dowam edýändiklerine ünsi çekip, şol sanksiýalaryň “esassyz” we “bikanundygyny” nygtady.

Lawrow: “Russiýa, rus hökümetine, rus halk deputatlaryna we firmalarymyza garşy şeýle hüjümleri jogapsyz goýmarys” diýdi.

Lawrow Daglyk Gabagdaky şertleriň bolsa umuman kadalaşandygyny beýan etdi.

Rus ministri Garabagyň galkyndyrylmagynyň we täzeden dikeldilmegi boýunça alynyp barylýan işleriň Azebaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy dialoga oňyn täsir ýetirjekdigini tama edýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar