ABŞ-da türk restorana hüjüm guran ermenilere garşy kazyýet işi gozgaldy

Restoranyň eýesi we işgärleri, hüjümçileriň ermeni dilinde gürländiklerini, özlerini öldürmek bilen hemle atandyklaryny atandyklaryny aýan etdiler

1629916
ABŞ-da türk restorana hüjüm guran ermenilere garşy kazyýet işi gozgaldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherindäki türk restoranyna 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda guralan hüjüm bilen baglanşykly asly ermeni bolan 2 amerikan raýatyna garşy Los-Anjeles sebit kazyýetinde kazyýet işi gozgaldy. 

Göz tussaglygyna alynan 23 ýaşyndaky William Stepanýan we 27-nji aprelde irden saklanan 23 ýaşyndaky Harutýun Garri Çalikýan bilen baglanşykly taýarlanan habarnamada, saklananlara garşy 6 aýry aýyplama ýöňkeldi. 

Habarnama görä Willian Stepanýan 4-nji noýabrda telefonynyň üsti bilen ugradan hatynda türkleri awlamagy meýilleşdirýändigini belledi we şol gün Harutýun Garri Çalikýan bilen duşuşdy. 

Türklere degişli restorana giren aýyplanýanlaryň biri "Sizi öldürmäge geldik, sizi öldüreris" diýip haýbat atandyklary bellenen habarnamada, hüjümde birnäçe adamyň ýaralanandygy we 2 aýyplanýanyň restorana 20 müň dollarlyk zyýan ýetirendigi, restoranyň wakadan soň wagtlaýyn ýagdaýda ýapylandygy we müňlerçe dollarlyk girdejiden mahrum bolandygy mälim edildi. 

Los-Anjeles şäheriniň Bewerli Hills sebitindäki "Stambul Kafe" atly restorana 2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda ýerli wagt bilen sagat 20:30 töweregi gelen 6-8 adamdan ybarat topar, restorandaky adamlara hüjüm edip restorana zyýan ýetiripdiler. 

Restoranyň eýesi we işgärleri, hüjümçileriň ermeni dilinde gürländiklerini, özlerini öldürmek bilen hemle atandyklaryny belläp, türk we azerbaýjan halkynada sögünç sözler aýdandyklaryny habar berdiler. 



Degişli Habarlar