Baýden Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Britaniýa we Belgiýa Gurar

Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparyny iýun aýynda Britaniýa we Belgiýa gurar

1627397
Baýden Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Britaniýa we Belgiýa Gurar

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparyny iýun aýynda Britaniýa we Belgiýa gurar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, 20-njy ýanwarda wezipesine başlan Baýdeniň ilkinji daşary ýurt saparynynyň çäginde iýun aýynyň 11-13-i aralygynda Britaniýada geçiriljek G-7-niň liderler maslahatyna gatnaşjakdygyny nygtady.

Psaki, Baýdeniň Britaniýa gurajak saparynyň çäginde Britaniýanyň Premýer minisri Boris Jonson bilen birlikde G-7ä aza ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyk geçirjekdigini ýatlatdy.

Psaki, Prezident Baýdeniň Britaniýadan soň 14-nji iýunda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatyna gatnaşjak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitjekdigini belledi.



Degişli Habarlar