Ruhani: "Eýran we Pakistan Owganystan üçin rollaryny ýerine ýetirmeli" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdy bilen Pakistanyň Owganystandaky parahatçylyk etabynyň ugrukdyrylmagyndaky rollaryny ýerine ýetirmelidigini beýan etdi

1625837
Ruhani: "Eýran we Pakistan Owganystan üçin  rollaryny ýerine ýetirmeli" diýdi

Eýranyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşini kabul eden Hasan Ruhani, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary we Owganystandaky parahatçylyk etabyny ara alyp maslahatlaşdy. 

ABŞ-nyň sebitdäki harby barlygynyň howpsuzlyga we durnuklylyga oňyn täsir ýetirmeýändigini aýdan Ruhani: "Eýran we Pakistan Owganystanyň iň täsirli we möhüm goňşylary hökmünde bu ýurtdaky parahatçylyk etabynyň ugrukdyrylmagynda rollaryny ýerine ýetirmelidir. Eýran bu babatdaky roluny ýerine ýetirmek üçin Pakistan we Owganystan bilen hyzmatdaşlygy hoşallyk bilen kabul edýär" diýip belledi.

Ruhani iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp geçip, Pakistanyň energetika zerurlygyny üpjün etmäge taýardygyny beýan etdi. 

Kureýşi hem öz gezeginde ýakyn geljekde iki ýurdyň gatnaşyklarynyň esasan hem söwda ugrunda täze bir tapgyryna geçmeginı umyt edýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar