Indoneziýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artýar
Sil apatyndan we ýer süýşgünlerinden soň takmynan 15 müň öý ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi
Indoneziýada aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýanlaryň sany 181 adama ýetdi.
Gündogar Nusa Tenggara ştatynyň gubernatorynyň orunbasary Jozef Nae Soi, geçirilen soňky gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de ençeme adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.
Jemi ýogalanlaryň sanynyň 181 adama ýetendigini aýdan Jozef, dereksiz ýiten 48 adamyň tapylmagy üçin bolsa gözleg we halas edişleriniň dowam edýändigini mälim etdi.
Gündogar Nusa Tenggara ştatynyň Gündogar Flores, Lembaga we Alor şäherlerinde 5-nji aprelden bäri dowam edýän aşa köp ýagýan ýagyşlar siliň we ýer süýşgünleriň döremegine sebäp boldy.
Sil apatyndan we ýer süýşgünlerinden soň takmynan 15 müň öý ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 233 Adama Ýetdi
Ysraýylyň 222 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.