Wladimir Zelenskiý Wladimir Putine duşuşyk geçirmek barada teklip bildirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putine duşuşyk geçirmek barada teklip hödürledi

1619485
Wladimir Zelenskiý Wladimir Putine duşuşyk geçirmek barada teklip bildirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň metbugat sekretary Ýulia Mendel, Wladimir Zelenskiýniň ýurdyň gündogarynda barha artýan dartgynlyk bilen baglanşykly Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmegi teklip edendigini, emma jogabyň entek gelmändigini habar berdi. 

Ýuliýa Mendel, Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky serhede ýakyn ýerlere 40 müňden gowrak esger, şeýle hem Krym ýarymadasynada 40 müňden gowrak esger üýşürendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň metbugat sekretary Ýulia Mendel, Wladimir Zelenskiýniň Russiýanyň harby gurluşy bilen Donbassda artýan dartgynlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže gitjekdigini habar berdi. 

Ukrainanyň Baş ştabynyň Başlygy Ruslan Homçak 30-njy martda Russiýanyň türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyna harby güýç üýşürýändigini aýdypdy.

Kreml bolsa birnäçe gezek harby hereketleriň ýurduň serhetleriniň çäginde we Russiýanyň öz islegine laýyklykda amala aşyrylýandygyny beýan edipdi.

Donbassdaky dartgynlyk boýunça Russiýanyň, Ukrainanyň we Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekillerinden emele gelýän Üçtaraplaýyn aragatnaşyk topary 2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda hüjümleriň bes edilmegi hakynda karar kabul edipdi.

Sebitde garaşsyzlygyny yglan edendigini aýdýan Russiýanyň tarapynda durýan separatistler bilen resmi Kiýewiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar