Dmitriý Peskow Donbass sebiti bilen bagly beýanat berdi

Russiýa Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän we dartgynlygyň dowam edýän Donbass sebitiniň golaýyna gönükdiren harby toparlar bilen baglanşykly meseläniň ýurdyň içerki meselesidigini beýan etdi

1619042
Dmitriý Peskow Donbass sebiti bilen bagly beýanat berdi

Russuýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, birnäçe gün ozal Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitindäki Russiýanyň tarapdary bolan separatistler bilen Kiýewiň goşunynyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly telefon arkaly söhbetdeş bolupdylar. 

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, geçirilen telefon söhbetdeşligi bilen bagly beýanat berdi.

Russiýada ýaýlyma berilýän telewideniýe kanallaryň birine beýanat beren Peskow: "Merkel Ýewropa serhedinde rus esgerleriň sanynyň artmagy bilen bagly meselä alada bildirýändiklerini habar berdi" diýip mälim etdi. 

Putiniň Merkeliň aladalaryna beren jogabynyň hem üstünde durup geçen Peskow: "Russiýanyň ýanynda içerki söweşiň ýaňadandan başlajak bolýan bir ýurt bar. Bu biz üçin elbetde howply. Howpsuzlygymyzy üpjün etmek üçin çäre görmelidiris. Biz hem şony edýäris" diýip belledi. 

Merkeliň belläp geçen aladalarynyň ýerliksizdigini aýdan Peskow: "Nähili hereket etdirýändigimiz we harby güýçlerimizi öz territoriýamyzyň çäginde nirä hereket etdirýändigimiz biziň içerki meselämiz" diýip aýtdy. 

Putiniň, Russiýanyň Donbass sebitine goldaw berip aýdan sözleriniň söweşe sebäp bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga Peskow: "Elbetde hiç kim söweşe tarap gitmeýär we hiç kim şolar ýaly söweşiň bolmak ähtimallygyny kabul etmeýär" diýip belledi. 



Degişli Habarlar