Britaniýanyň Şasy Elizabetiň Adamsy Şazada Filipp Aradan Çykdy

Bu barasynda Bukingem köşkünden berilen beýannamada aýdylýar

1618236
Britaniýanyň Şasy Elizabetiň Adamsy Şazada Filipp Aradan Çykdy

Bukingem köşkünden berile beýannamada: “Onuň aly hezreti Şa aýal, hormatly adamsy Edinburgyň gersogy jenap Şazada Filippiň aradan çykandygyny gynanç bilen habar berdi. Onuň aly hezreti şu gün irden Windsor galasynda dünýeden ötdi” diýilýär. Şa Filipp 99 ýaşyndady.

Şazada Filipp 16-njy fewralda ýarawsyzlanyp, Edward adyndaky hassahana alynyp gidilipdi. Filippiň, bir hepde dowam eden bejergisinden soň lukmanyň maslahatyna laýyklykda hassahanada galmagynyň islenýändigi habar berilipdi. Soň bolsa ýürek agyrysy bilen bagly testler we barlag üçin Bartolomew adyndaky hassahana getirilip, ol ýerde ýüreginden operasiýa edilipdi. Operasiýanyň üstünlikli geçendigi habar berilipdi.

Edinburgyň gersogy Filipp hassahanada jemi 28 gün ýatypdy.

Şazada Filipp iýun aýynda 100 ýaşyna gadam basmalydy.



Degişli Habarlar