ABŞ-da Halkyň Ýarysyndan Gowragy Aç we Öýsiz Galmakdan Gorkýar

ABŞ-da halkyň ýarysyndan gowragynyň açlyk we öýsiz galma meselesinde aladalanýandygy ýüze çykdy.

1609483
ABŞ-da Halkyň Ýarysyndan Gowragy Aç we Öýsiz Galmakdan Gorkýar

Merkezi Waşingtonda ýerleşýän ylmy barlag guramasy “Gallupyň” geçiren sowalnamasynyň netijelerine görä amerikalylaryň 55 göterimi öýsiz we aç galmakdan howatyrlanýar. Bu mukdar soňky 20 ýylyň iň ýokary çägini emele getirýär.

Ýaşaýyş jaýsyz we aç galmak gorkusyny başdan geçirýänleriň mukdary koronawirus pandemiýasynyň agyr ýitgilere sebäp bolan 2020-nji ýyla görä 8 göterime barbar artdy.

Ýurduň ykdsadyýetine alada bildirýänleriň mukdary bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16 göterim ýokarlap, 49 göterime barabar boldy.

Ykdysady şertlere alada bildirýän Respublikaçylaryň mukdary 58 göterim bolan bolsa, Demokratlaryň 40 göterimi ykdysadyýete oňyn garaýandyklaryny beýan etdi.

 

 



Degişli Habarlar