ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Kolorado ştatynda marketleriň birine guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi

1606417
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogaldy

Boulder Polisiýa departamenti, Boulder şäherindäki supermarketde guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 10 adama ýetendigini habar berdi. 

Hüjümçiniň wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärlerine garşy od açmagy netijesinde şeýle hem 1 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Resmiler hüjüm bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. 

Şahsyýeti entek aýan edilmedik ýaraly hüjümçi göz tussaglygyna alyndy. 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýaragly hüjüm barada ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene maglumat berilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Kolorado , #ABŞ

Degişli Habarlar