Sergeý Lawrow, Ermenistanyň Daşary Işler ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa Ermenistandaky dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini umyd edýär
1590799
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýanyň telefon söhbetdeşliginde rus kärdeşi Lawrowa, Ermenistanyň goşunlarynyň Premýer ministr Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşyndan soň başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat berendigi nygtaldy.
Rus tarapy Ýerewanda başdan geçirilýän wakalary Ermenistanyň içerki meselesi hökmünde görýär we dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini umyd edýär.
Degişli Habarlar
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.