Pakistan we Hindistan Kaşmir Meselesinde Ylalaşdy

Pakistan we Hindistan Kaşmir serhedinde ylalaşyklaryň “gyşarnyksyz berjaý edilmegi” boýunça ylalaşdy

1590493
Pakistan we Hindistan Kaşmir Meselesinde Ylalaşdy

Hindistanyň we Pakistanyn Harby operasiýalar boýunça Baş direktorlary çap eden bilelikdäki beýannamada iki ýurduň gözegçiligindäki sebitleriň arasyndaky Gözegçilik zolagynda çaknyşyklaryň öňünin alynmagy üçin gepleşikleriň geçirilýändigi habar berildi.

Taraplaryň Gözegçilik zolagyndaky we beýleki sebitlerdäki şertleri seljerýändigi we biri-biriniň meselelerini hem-de aladalaryny ortadan aýyrmak boýunça ylalaşyk gazanylandygyna üns çekilýän beýannamada; “İki tarap 24-nji fewrakdan 25-nji fewrala geçilýän gijeden başlap Gözegçilik zolagynda we beýleki ýerlerde hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşgy we ähli şertnamalary gyşarnyksyz berjaý etmek boýunça ylalaşdy” diýilýär.

Beýannamada serhetde ýüze çykmagy ähtimal meseleleriň öňüni almak üçin “adatdan daşary aragatnaşyk ulgamynyň” çekilmegi üçin gepleşikleriň geçirilýändigi habar berildi.

Ýadro ýaragyna eýe bolan iki ýurt 1947-nji ýylda iňlis kolonial dolanşygydan garaşsyzlyklaryny yglan etmeklerinden bäri Kaşmirde häkimiýet düşnüşmezligi sebäpli 3 gezek söweşdi. Ylalaşyk serhedindäki gözegçilik zolagynda ýüze çykýan çaknyşyklar sebäpli iki ýurt wagtal-wagtal dartgynly pursatlary başdan geçirýär.



Degişli Habarlar