Eýran Bilen Günorta Koreýa, Eýrana Degişli Walýutalaryň Ulanylmagy Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Günorta Koreýanyň banklarynda saklanan Eýrana degişli walýutalaryň ulanylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

1588559
Eýran Bilen Günorta Koreýa, Eýrana Degişli Walýutalaryň Ulanylmagy Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

 

Eýran bilen Günorta Koreýa, ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Günorta Koreýanyň banklarynda saklanan Eýrana degişli walýutalaryň ulanylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Abdunnasyr Himmeti, Günorta Koreýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýun bilen paýtagt Tähranda duşuşdy.

Eýranyň Tesnim habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşykda Eýranyň Günorta Koreýadaky walýutalarynyň ulanylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Eýrana degişli saklanan walýutanyň bir böleginiň ulanylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Himmeti, Günorta Koreýanyň bu kararyndan hoşaldyklaryny aýtdy.

Günorta Koreýanyň Eýrandaky ilçisi Hýun, ýurdunyň Eýranyň ähli walýutalasyny ulanmagy üçin işe girişmäge taýardygyny belledi.

Eýran, Günorta Koreýa bilen birlikde birnäçe ýurtdaky walýutalaryny, ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli saklanandygy üçin ulanyp bilmeýär.



Degişli Habarlar