Çatda bolan ýaragly çaknyşykda 35 adam ýogaldy

Orta Afrika ýurdy bolan Çadyň günortasynda çarwa çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda öri meýdanlar sebäpli ýüze çykan çaknyşykda 35 adam ýogaldy

1585847
Çatda bolan ýaragly çaknyşykda 35 adam ýogaldy

Ýurdyň Salamat sebitiniň resmisi Mara Maad, taraplaryň arasyndaky çaknyşygyň aralarynda 1 esger hem bolan jemi 35 adamyň ýogalmagy bilen netijelenendigini habar berdi. 

Çaknyşyklaryň 15-nji fewralda başlandygyny aýdan Mara Maad, durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin sebite howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini mälim etdi. 

Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurdyň günortasyndaky Kaddia sebitinde şuňa meňzeş bolan çaknyşykda 22 adam ýogalypdy. 

Çadyň günortasynda öri meýdan meselesi we mallaryň ekin meýdanlaryna zyýan ýetirýänligi sebäpli daýhanlar bilen çopanlaryň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär. 


Etiketkalar: #öri meýdan , #çopan , #daýhan , #Çad

Degişli Habarlar