Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýdeniň birnäçe hepde ozal wezipesine başlandygyna garamazdan Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmezligi ünsleri özüne çekipdi.

1585931
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-nyň Prezident Jo Baýden wezipesinden başlamagyndan 1 aý soň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ysraýyl tarapyndan mesele hakynda berlen ýazmaça beýannama görä, düýn agşam iki lideriň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi, 1 sagada golaý dowam eden söhbetdeşligiň içgin ýagdaýda geçendigi ýatladyldy.

Beýannamada, Baýden bilen Netanýahunyň, Arap ýurtlary bilen Ysraýylyň arasynda baglaşylan gatnaşyklaryň kadalaşmagy şertnamasynyň geljekde hem dowam etmegi meselesinde ylalaşyk gazandygy nygtaldy.

Iki lideriň Ysraýyl bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenmek bilen dowam etmegi üçin birlikde işlekjekdikleri bellenildi.

Beýannamada, liderleriň telefon söhbetdeşliginde “Eýran howpy” we sebitdäki beýleki meseler hakynda pikir alyşandygyna üns çekildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň, Netanýahunyň täze görnüş koronawirusa garşy göreşdäki üstünligi hakynda öwgüli sözler aýdandygy bellenildi.

Baýdeniň birnäçe hepde ozal wezipesine başlandygyna garamazdan Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmezligi ünsleri özüne çekipdi.

Ak Tamyň metbugat geňelçisi Psaki 11-nji fewralda beren beýannamasynda, Baýdeniň ýakynda Netanýahu bilen gepleşik geçirjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar