Jo Baýden Narendra Modi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tam, Jo Baýden bilen Narendra Modiniň arasynda telefon arkaly geçen söhbetdeşlik barada ýazmaça beýanat berdi

1580073
Jo Baýden Narendra Modi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baden bilen Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde, Hindi-Ýuwaş umman sebitinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň üstünde durup geçdiler. 

Ak Tam, Jo Baýden bilen Narendra Modiniň arasynda telefon arkaly geçen söhbetdeşlik barada ýazmaça beýanat berdi. 

Berilen beýanata görä, Baden bilen Modi, koronawirus epidemiýasy, klimat çalşygy, global ykdysadyýet we global derejedäki terrora garşy göreş ýaly meseleler boýunça ABŞ-Hindistan hyzmatdaşlygyny artdyrmagyň üstünde ylalaşdylar. 

Iki lider, Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň erkin we açyk ýagdaýda galmagy, erkin syýahatçylygyň, territorial bütewiligiň we Kuad alýansynyň (Hytaýa garşy döredilen ABŞ, Awstraliýa, Hindistan we Ýaponiýa alýansy) üsti bilen has güýçli sebitleýin arhitekturanyň goldanmagy babatynda umumy ygtyýaryny beýan etdiler. 

Beýanata görä Baýden, dünýäniň her ýerinde demokratik gymmatlyklaryň we guramalaryň üstünliginiň goralyp saklanmagy baradaky pikirini Moda ýetirdi. 

Mundan başgada Baýden we Modi, Mýanmada demokratik etabyň we hukugyň üstünliginiň ýaňadandan dikeldilmeginiň gerekdigini belläp geçdiler. 



Degişli Habarlar