Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 4 terrorçy öldürildi

1572970
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Kerkük şäheriniň günortasynda ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki koalisiýa güýçleriniň howadan goldaw bermeginde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi. 

Operasiýada terror guramasy DAIŞ-e agza 4 terrorçy öldürildi, Wadi eş-Şaý obasynyň golaýynda bolsa gurama degişli 5 sany gaçybatalga ýok edildi. 

Sebitde köp mukdarda ýarag, ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin enjamlar ele salyndy. 


Etiketkalar: #operasiýa , #DAEŞ , #Yrak

Degişli Habarlar