Täze START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagy Hakyndaky Karar Duma Hödürlendi

Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň 2026-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli uzadylmagy göz öňünde tutulýar

1571889
Täze START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagy Hakyndaky Karar Duma Hödürlendi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň (Täze START) möhlediniň uzadylmagy hakyndaky karary Rus parlamentiniň aşakky ganady Duma hödürledi.

Dumanyň internet saýtynda berlen habara görä, Putiniň tassyklanmagy üçin hödürlän kararynda, Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň (Täze START)  5 ýyl möhlet bilen 2026-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli uzadylmagy göz öňünde tutulýar.

Kremlden berlen beýannamada, Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we iki lideriň Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň (Täze START) möhlediniň uzadylmagy hakynda hem pikir alyşandygy nygtalypdy.

ABŞ-nyň Sowet Russiýasy bilen 1991-nji ýylda we Russiýa Federassiýasy bilen 1993-nji ýylda baglaşan Strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň (START 1 we START 2) dowamy aýratynlygyndaky (Täze START) şertnamasy, Waşington bilen Moskwanyň arasynda öz güýjüni gorap saklaýan soňky ýadro şertnamasy aýratynlygyna eýe.

Şertnama, uzak menzilli ýadro ýarag uçlaryny we roketalary çäklendirýär.

Şertnama 2011-nji ýylyň 5-nji fewralynda 10 ýyl möhlet bilen baglaşylypdy.



Degişli Habarlar