Ukraina Fransiýadan Günäkärleriň Tapylmagyny Isleýar

Prezidet Zelenskiý günäkärleriň tapylmagyny isleýär

1570604
Ukraina Fransiýadan Günäkärleriň Tapylmagyny Isleýar

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý 15-nci ýanwarda Fransiýanyň paýtagty Parižde urlan we reanimasiýa düşen 14 ýaşly ukrainaly okuwça hücüm edenleriň Fransiýanyň hökümeti tarapyndan tapylmagyny hem-de cezalandyrylmagyny isledi.

Wladimir Zelenskiý Telegram ýaýlymyndan beren habarnamasynda hücümiň wagşylarça we rehimsizlik bilen edilendigini nygtady.

Parižde ukrainaly okuwçynyň agyr ýencilendigini ýatladan Zelenskiý: “Ony kim etdi? Wideodan görnüşine görä ýa ýaşytlary, ýa-da uluraklar. 1-e 10 adam. Olaryň kesici ýaraglary bar. Öldürmek ýa-da maýyp etmek maksatlary bar” diýdi.

Zelenskiý ýaralanan ukrainaly okuwçynyň reanimasiýada becergi alýandygyny we ýagdaýynyň entegem agyrdygyny beýan edip: “Cenaýatkärleri tapyň we cezalandyryň. Ol diňe biziň islegimiz däl, bu medeniýet meselidir. Her ýurtda şeýle agyr hücümleriň agyr neticesi bar” diýdi.



Degişli Habarlar