Owganystanda Etrap Häkimi Ýaragly Hüjümde Ýogaldy

Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.

1566521
Owganystanda Etrap Häkimi Ýaragly Hüjümde Ýogaldy

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynyň Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Hakýaryň, Helmandyň Laşkergah şäherinde şahsyýeti näbelli adamlaryň ýaragly hüjümine sezewar bolandygy nygtaldy.

Beýannamada hüjümde Muhammed Zahir Hakýaryň ýogalandygy, hüjümçileriň tussag edilmegi üçin işe girişilendigi bellenildi.

Şaýatlar hüjümde etrap häkimi bilen birlikde ýene-de 2 adamyň ýogalandygyny öňe sürýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

 

 



Degişli Habarlar