ABŞ-nyň Husileri Terror Sanawyna Almagyna Garşy Protest Ýörişi Geçirildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Husileriň “daşary ýurtly terror guramasy” hökmünde yglan ediljekdigini aýdypdy

1566289
ABŞ-nyň Husileri Terror Sanawyna Almagyna Garşy Protest Ýörişi Geçirildi

Ýemende, Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň tarapdarlary, ABŞ-nyň Husileri terror sanawyna almak baradaky kararyna garşy paýtagt Sanada protest ýörişini geçirdi.

Protestçylar, Ýemendäki söweşiň başlan ýylynda ýagny 2015-nji ýylda ýapylan ABŞ-nyň ilçihanasynyň öňünde bir ýere jemlenişdi.

Resmi Waşingtonyň, Husileri terror sanawyna almak baradaky kararyna garşy şygarlar aýdan protestçylar ABŞ-nyň baýdagyny ýyrtdy.

Protestçylar, ABŞ-ny “Ýurtda söweşiň başlan gününden bäri ýemenlileri öldürmekde” günäkärledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, 11-nji ýanwarda beren beýannamasynda, Husileriň “daşary ýurtly terror guramasy” hökmünde yglan ediljekdigini aýdypdy.

Ýemende birnäçe ýyldan bäri syýasy durnuksyzlyk dowam edýär. Ýurtda Eýran tarapyndan goldanýan Husiler bilen hökümete tabynlykdaky güýçleriň arasynda çaknyşyklar bolýar.

Husiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir şäherlere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçler bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

Ýurtda 6 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän çaknyşyklarda müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar