Somalide terror guramasy Aş-Şabab tarapyndan guralan hüjümde 6 adam ýogaldy

Somalide terror guramasy Aş-Şababyň Aşakgy Şabelle sebitiniň häkimi Abdulkadir Sidiniň ulag kerwenine garşy guran ýaragly hüjüminde 6 esger ýogaldy

1565446
Somalide terror guramasy Aş-Şabab tarapyndan guralan hüjümde 6 adam ýogaldy

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Aşakgy Şabelle sebitiniň häkimi Abdulkadir Sidi düýn irden howa menziline barýarka ýaragly hüjüme sezewar galdy. 

Sidiniň ýaralanmadan halas bolan hüjümde 6 esger ýogaldy, aralarynda Somaliniň ýörite harby güýçleri DANAB-yň serkerdesi hem bolan 4 harby bolsa ýaralandy. 

Ýaralanan esgerler dikuçarlar bilen ýurdyň paýtagty Mogadişu şäherinde alynyp gidildi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Al Kaýda bilen arabaglanşykly bolan Aş-Şabab öz üstüne aldy. 

Aş-Şabab sebitde ýygy-ýygydan howpsuzlyk güýçlerini we asuda halkyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alyp hüjüm guraýar. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Somali

Degişli Habarlar