2020-nji ýyl soňky 150 ýylyň iň yssy 2 ýylyň biri boldy

2020-nji ýyl 2016-njy ýyl bilen birlikde taryhda hasaba alynan iň yssy ýyl boldy

1560163
2020-nji ýyl soňky 150 ýylyň iň yssy 2 ýylyň biri boldy

Ýewropa Bileleşiginiň Klimat gözegçilik gullugynyň berýän habaryna görä, 2020-nji ýyl soňky 150 ýylyň iň yssy 2 ýylyň biri boldy. 

1850-nji ýyldan bäri alynýan ölçeglere laýyklykda, 2020-nji ýyl iň yssy 2 ýylyň biri boldy. 

Ýylyň dowamynda başdan geçirilen gyzgyn howa tolkunlary, tüweleýler, tokaý ýangynlary we şoňa meňzeş tebigy apatlar hem şol yssy howa sebäpli emele gelendigi öňe sürüldi. 

Maglumatlary beýan eden Ýewropa Bileleşiginiň Klimat gözegçilik gullugy, bu yssy howalaryň gelejekdäki uly apatlaryň ýoluny açandygyny öňe sürdi. 

2020-nji ýylda dünýä ýene-de yssy bir ýyl hökmünde hasaba alynan 2019-njy ýyla garanyňda 0,5 gradus has gyzdy. 

Resmiler, bu görkezijileriň 2030-nji ýylda ýene-de 1,5 gradus gyzyp biljekdigini aýdýarlar.  


Etiketkalar: #dünýä , #gyzgyn , #yssy howa

Degişli Habarlar